«2024 YR4» asteroidi 2032-nji ýylda Aý blen çaknyşyp biler. Bu 100 müň tonna asman jisiminiň pytramagyna getirer, bu bolsa öz gezeginde Ýeriň töweregindäki emeli hemralara we beýleki enjamlara zeper ýetirer. Bu barada Kornell uniwersitetiniň alymlaryna salgylanýan CNN teleýaýlymy habar berdi diýip, «INTERFAX.RU» ýazýar.
NASA edarasy çaknyşygyň töwekgelçiligine 4,3 göterim diýip baha berýär. Bu soňky 5 müň ýylda Aý bilen iň uly çaknyşyk bolar. Orbita zyňlan bölekler astronawtlar we ylmy barlag enjamlary üçin howply bolup biler.
Alymlar planetar goragyň diňe Ýeriň däl, eýsem, Aýyň töweregindäki giňişligi hem öz içine almalydygyny belleýärler. Sebäbi çaknyşyk Ýerden synlap boljak güýçli şöhläni hem-de Aýda giňligi bir kilometre deň bolan urgy kraterini döreder.
