Ozal habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki, şeýle-de welaýatlardaky orta hünär okuw mekdepleri talyplyga dalaşgärleriň resminamalaryny kabul edýärler.
Orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek olaryň ýerleşýän ýerlerinde geçirilýär. Ýurduň mugallymçylyk, lukmançylyk we medeniýet ugurly orta hünär okuw mekdeplerinde 14 — 27-nji iýul aralygynda, beýleki orta hünär okuw mekdeplerinde bolsa 14-nji iýul — 18-nji awgust aralygynda resminamalar kabul edilýär.
Ýeri gelende bellesek, orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglary her bir orta hünär okuw mekdebine aýratynlykda bellenilen okuw dersleri boýunça Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
