Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa hemmelerden köp Gazagystana, Azerbaýjana we Özbegistana şokolad satdy

12:1014.07.2025
0
18167
Russiýa hemmelerden köp Gazagystana, Azerbaýjana we Özbegistana şokolad satdy
Surat: RT

Gazagystan, Azerbaýjan we Özbegistan şu ýylyň soňky dört aýynda Russiýadan iň köp şokolad satyn alan ýurtlar boldy. Maglumatlary bu ýurtlaryň statistika edaralary hem-de BMG-niň «Comtrade» platformasy getirdi diýip, «rg.ru» ýazýar.

Russiýadan şokolady iň köp möçberde satyn alan ýurt Gazagystan, ol ýanwar-aprel aralygynda bu önümiň 78,3 million dollarlygyny import etdi. Azerbaýjan 23,4 mln, Özbegistan 21,4 mln, Gyrgyzystan 14,7 mln we Gruziýa 8 mln dollarlyk rus şokoladyny satyn aldy. Hytaý hem rus şokoladyny iň köp satyn alýan ýurtlaryň onlugyna girdi, import 7,4 mln dollary düzdi.

Iň köp satyn alyjylaryň arasynda Belarus hem bolup biler, emma Respublika 2022-nji ýyldan bäri söwda barada statistik maglumatlary paýlaşmaýar diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň