Erkek kişi öz aýalyny awtoulagly syýahat wagty duralgada unudyp, ýoluny dowam etdi. Ol aýalynyň ulagda däldigini birnäçe sagat ýol geçenden soňra bildi. Ol bu wagtda 300 kilometr ýol geçdi. Waka Fransiýanyň uly gara ýolunda boldy diýip, «MIR 24» gürrüň berdi.
Aljyran adamsy Landanyň žandarmeriýa (polisiýa) edarasyna ýüz tutdy, ol aýalyny ýoluň ýakasyndaky dynç alyş zolaklarynyň birinde galdyrandygyny, emma haýsy dynç alyş zolagydygyny bilmeýändigini aýtdy. Erkek kişi aýalyny gözläp tapmakda kömek sorady.
Žandarmlar zenanyň nirdedigini kesgitlemek üçin birnäçe sagat sarp etdiler. Zenanyň 300 kilometrlikdäki De-Sewr departamentinde adamsyna garaşýandygy anyklandy. Gyzykly ýeri, ene-atasy bilen ulagda olaryň 22 ýaşly gyzynyň hem syýahat edendigidir, emma ol ýolboýy ulagda uklap, ejesiniň ýitirim bolandygyndan bihabar galypdyr.
Zenany tapanlarynda ol adamsy bilen gyzyna gahar etmeýändigini, bolan waka düşünmek bilen garaýandygyny aýtdy diýip, «France 3» teleýaýlymy habar berdi.
