Ýewropa 2025-nji ýyldaky ilkinji güýçli yssy howa tolkunyndan ynjalyksyzlanýar, sebäbi howanyň temperaturasynyň Selsiý boýunça 42 gradusa çenli ýokarlanmagy mümkin. Ispaniýanyň, Portugaliýanyň, Gresiýanyň we Fransiýanyň häkimiýetleri adatdan daşary yssy howa, tokaý ýangynlary we saglyk üçin howp barada duýduryşlary ýaýradýarlar.
Maýlamanyň iň çalt ýaýramagy hasaba alynýan sebit adatdan daşary howa ýagdaýynyň netijelerinden ejir çekýär diýip, «The Guardian» neşirine salgylanýan «Rambler.ru» habar berýär.
Mysal üçin, Ispaniýanyň «Aemet» döwlet meteorologik edarasy anna güni yssy howa bilen bagly ýörite duýduryş ýaýratdy, onda golaý günlerde ýurduň günorta etraplarynda howanyň 42 gradusa çenli gyzmagyna garaşylýandygy aýdylýar.
Madriddäki Saglygy goraýyş ministrligi hem yssy howada aýratyn ätiýaçlylygy elden bermezligi, Gün şöhlesinden uzakda bolmagy, köp suw içmegi we has-da gartaşan adamlara, hamyla zenanlara ýa-da ötüşen kesellilere üns bermegi duýdurdy.
Şeýle duýduryşlar Portugaliýada hem ýaýradyldy.
Marselde howanyň derejesiniň 40 gradusa golaýlamagy bilen baglylykda, Fransiýanyň bu ikinji uly şäheriniň häkimiýetleri jemgyýetçilik suwda ýüzüş howdanlarynyň hyzmatyny mugt etmek barada görkezme berdi.
Neapolda, Palermoda, Sisiliýada we Italiýanyň demirgazygyndaky Liguriýa sebitinde günüň iň yssy sagatlarynda açyk howada işlemäge gadaganlyk girizildi. Ýurduň kärdeşler arkalaşyklary bu gadaganlygy beýleki sebitlerde hem girizmek barada çykyş edýärler.