Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki hünär bilimi edaralary ygtyýarlylandyrylýar

12:0928.06.2025
0
45686

Türkmenistanda eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki ýokary okuw mekdepleriniň işini düzgünleşdirmek we ygtyýarlylandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hususan-da, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň görnüşleriniň sanawyna “Ýokary hünär bilimi” hem-de “Ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi” iş ugurlaryny girizmek maksadalaýyk hasaplanýar. TDH-niň ýazyşy ýaly, bu barada Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow hasabat berdi. Wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda bilim ulgamyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge uly üns berilýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutany eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki hünär bilimi edaralaryny ygtyýarlylandyrmak bilen bagly taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň