Dünýäde iň gurak çöl bolan Çilidäki Atakama sährasyny gar basdy. Bu barada ol ýerdäki «ALMA» obserwatoriýasynyň sosial tordaky sahypasyna salgylanýan TASS habar berdi. Habaryň ýany bilen Atakamyň garly wideogörnüşleri hem ýerleşdirilipdir. Bu sährada soňky on ýyldaky ilkinji gardyr.
Meýdany 105 müň inedördül kilometre deň bolan Atakama iň beýik dag tekizliginde ýerleşýär. Ol ygalyň örän seýrek düşýändigi sebäpli, äleme gözegçilik etmek üçin iň amatly ýerdir. Sährada gar dört ýüz ýyl bäri hasaba alynmandy.
Sähranyň käbir ýerinde bolsa, birnäçe on ýylda bir gezek ýagyş ýagýar.
Ýowuz howa şertlerine garamazdan, Atakamada bir milliondan gowrak adam ýaşaýar, ol dünýäde iň köp ilatly çölleriň biridir. Bu ýerde şahta we balykçylyk obalary-da bar.
Sähradaky gar örtügi alymlar we ýerli ýaşaýjylar üçin hakyky sowgat boldy diýlip, habarda bellenýär.