Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Fransiýada bulaşyk howa iki adamyň pida bolmagyna getirdi

12:1927.06.2025
0
14072
Fransiýada bulaşyk howa iki adamyň pida bolmagyna getirdi
Surat: Interfax.ru

Fransiýa çarşenbe güni düşen güýçli çabgalar takmynan 100 müň öý hojalykda elektrik togunyň öçmegine getirdi diýip, «BFMTV» teleýaýlymyna salgylanýan «Interfax.ru» habar berdi. Ýaramaz howa sebäpli iki adam gurban boldy, 17 adam ejir çekdi.

Çarşenbe güni tutuş Fransiýada 40 müňden gowrak ýyldyrym çakmasyny hasaba aldylar. Has hem ýurduň Žironda we Alýe departamentlerinde ýyldyrym köp çakdy. Käbir ýerlerde şemalyň tizligi sagatda 140 kilometre deň boldy.

«Le Figaro» gazeti Parižiň sebitinde şemalyň köp agaçlary goparandygyny habar berdi. Çabgalar netijesinde derýalaryň suwy joşdy. Ýurduň Parlamentiniň aşaky palatasynyň ýygnagy dowam edýärkä, Fransiýanyň Milli Ýygnagynyň binasyna zeper ýetdi. Suw şeýle-de «Pariž – Şarl-de-Gol» howa menziline aralaşdy.

Sebitleriň käbirine doly ýagdy. Dordon departamentinde jöwenek azyndan 70 sany binanyň üçegini harap etdi diýlip, habarda bellenýär.

Harasatyň ýetiren zyýanyny aradan aýyrmak üçin 2 müň halas ediji işleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň