Germaniýada Brombahlardaky bawar kölünde iki metrlik ýaýyn balygy suwa düşýänlere şikes saldy. Bu barada «inFranken.de» neşirine salgylanýan «rg.ru» habar berdi.
Waka 20-nji iýunda boldy. Agramy 90 kilogram we uzynlygy 2 metre ýetýän balyk kölde geçýän «Burning Beach» festiwalyna gatnaşýanlara hüjüm etdi. Ejir çekenler ýeňil şikes aldylar, polisiýanyň işgärleri beýleki adamlary goramak maksady bilen, balygy ýok etmek kararyna geldiler.
Bu waka tebigaty goraýjylaryň garşylyk çykyşlaryna getirdi. Olar lakga balygynyň öz işbilini goramak üçin adamlara hüjüm edendigini aýdýarlar. Bawariýanyň döwlet Balykçylyk assosiasiýasy suwa düşülýän ýeriň ýapylmagynyň maksadalaýyk boljakdygy barada beýanat berdi. Balygyň adamlar üçin ölüm howpuny döretmeýändigine garamazdan, onuň maksady belli däldi diýip, hünärmenler polisiýanyň hereketini goldadylar.