ABŞ-nyň merkezi we gündogar ştatlarynyň 170 milliondan gowrak ýaşaýjysy adatdan daşary yssy howadan ejir çekýär. Howanyň temperaturasynyň aşa gyzmagy netijesinde adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizildi, mekdepler köpçülikleýin ýapyldy diýip, «mk.ru» habar berdi.
Nýu-Ýorkda howa menzilinde temperatura 38 gradusa deň boldy, müňlerçe adam yşyksyz galdy. Ştatyň gubernatory adatdan daşary ýagdaý yglan edip, adamlary Günüň aşagynda uzak bolmakdan gaça durmaga çagyrdy. Filadelfiýada we Gündogar kenarýakalarda hem ýagdaý şeýle diýlip, habarda bellenýär.
Howa gullugy edarasy şeýle howa şertleriniň birnäçe hepde dowam etjekdigini çaklaýar. Ýaşaýjylara köp suw içmek, saýada bolmak, ýeňil egin-eşik geýmek maslahat berilýär. Hünärmenler ýagdaýy howanyň üýtgemegi bilen baglaýarlar hem-de parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga we irki duýduryş ulgamlaryny ösdürmäge çagyrýarlar.