15 — 19-njy iýun aralygynda Aşgabatda küşt boýunça halkara ýaryş geçiriler. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa bu halkara ýaryşa taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda sport arkaly parahatçylygy dabaralandyrmakda möhüm waka öwrüljek bu halkara ýaryşa dünýäniň köp sanly döwletlerinden, şeýle hem Türkmenistandan 8, 10 we 12 ýaşly türgenler gatnaşar.
Wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň halkara sport abraýyny has-da ýokary derejelere galdyrmak, türkmen sportuny ösdürmek ugrunda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, dürli derejedäki halkara sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýändigini belledi.
Döwlet Baştutany wise-premýere Aşgabat şäherindäki Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde sportuň küşt görnüşi boýunça türgenleriň arasyndaky halkara ýaryşa gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.