Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystanda Leniniň iň beýik ýadygärligini aýyrdylar

17:5710.06.2025
0
20824
Gyrgyzystanda Leniniň iň beýik ýadygärligini aýyrdylar
Surat: Daryo.uz

Gyrgyzystanyň Oş şäherinde Wladimir Leniniň 23 metrlik heýkel ýadygärligini aýyrdylar. Bu barada ýerli habar beriş serişdeleri habar berdi.

1975-nji ýylda dikilen heýkel Merkezi Aziýada Leniniň iň beýik ýadygärligidi, onuň agramy 7,5 tonna deňdi diýlip habarda bellenýär.

Oş şäheriniň häkimligi ýadygärligiň ýerinde ýurduň milli baýdagynyň 95 metrlik sütüniniň oturdyljakdygyny habar berdi.

Ýadygärlik 7-nji iýun gijesi aýryldy. Oş şäheriniň häkimligi Russiýada-da Leniniň ýadygärlikleriniň aýrylýan ýa-da göçürilýän şäherleriniň bardygyny ýatladyp, bu waka «syýasy äheň bermezlige» çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň