Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (YHÖG) 2025-nji ýylda ýurtlaryň birgideninde girizilen söwda paçlary bilen bagly emele gelen kesgitsizlik sebäpli dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi barada çaklamasyny 2,9 göterime çenli peseltdi. Bu barada guramanyň aralyk ykdysady çaklamasyna salgylanýan TASS habar berdi. Ykdysady ösüşiň gowşamagy öz nobatynda dünýäniň ähli ýurtlaryna galtaşar diýlip, çaklanýar.
2025-nji ýylyň martynda bu gurama dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi barada çaklamasyny 3,1 göterime çenli peseldipdi. 2024-nji ýylyň sentýabrynda bu çaklama 3,2 göterime deňdi.
Ykdysadyýetçiler hümmetsizlenmäniň umumy pese gaçýandygyna seretmezden, köp ýurtlarda esasan hem azyk harytlarynyň nyrhynyň ýokary bolmagynda galýandygyny belleýärler. Şunda geljekde goşmaça paçlaryň girizilmeginiň ählumumy ösüşi haýallatmagyna garaşylýar. Bu bolsa öz nobatynda söwdanyň möçberleriniň azalmagyna getirip, ilatyň girdejilerine ýaramaz täsir eder we iş orunlarynyň artyşyny haýalladar.