Turkmenportal logo
23.05.25
1583415834
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hünärmenler: SSSR hukuk taýdan heniz hem ýaşaýar
Surat: Rg.ru

Owalky SSSR-iň ýykylmagyna hukuk taýdan bahalandyrma gerek, sebäbi ol ýuridiki taýdan heniz hem bar, sebäbi Sowet Soýuzynyň ýatyrylmagy hukuk taýdan bozulandyr. Bu barada RF-niň Prezidentiniň geňeşçisi, Peterburg halkara forumynyň jogapkär kätibi Anton Kobýakow aýtdy diýip, «rg.ru» ýazýar.


Bu tema forumyň ahyrky güni «SSSR-iň ýatyrylmagy: halkara-hukuk netijeler» atly ýygnagyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy. SSSR-iň ýatyrylmagynyň kanun taýdan güýji ýok diýip, konstitusion hukuk boýunça daşary ýurtly hünärmenler netijä geldiler.


«Eger halk deputatlarynyň gurultaýy, ýagny sowetler gurultaýy 1922-nji ýylda SSSR-i döreden bolsa, ony şol deputatlaryň özleri-de ýatyrmalydyrlar. 1991-nji ýylyň 8-nji dekabrynda täze bileleşik ylalaşygynyň baglaşylmagynyň öňýany geçen Belowež çäresi hukuk taýdan geň görünýär. Ol hukuknamany (Belowež ylalaşygyny) soňra RSFSR-iň, USSR-iň, BSSR-iň Ýokary Sowetleri kabul etdiler, aslynda olaryň muňa hukugy hem ýokdur» diýip, Kobýakow nygtady.