Turkmenportal logo
14.05.25
1718517185
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernlerine Malaýziýanyň we BAE-niň kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşar

«Türkmengaz» hem-de «Türkmennebit» döwlet konsernlerine Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» we Birleşen Arap Emirlikleriniň «ADNOC Turkmenistan RSC Limited» kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli resminamalara gol çekdi.


Resminamalar Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi.