Belarusyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň hyzmatdaşy bolan «Innowasion Çözgüt» kompaniýasy Türkmenistandan dalaşgärler üçin onlaýn synaglaryň geçirilýändigini habar berýär.
«Innowasion Çözgüt» Gomel döwlet lukmançylyk uniwersiteti (GomDLU) bilen hyzmatdaşlykda 20-nji maýdan başlap Aşgabatda onlaýn synaglary geçirer. Bu format dalaşgärlere goşmaça synag üçin Belarusa gitmezden, giriş synaglaryny uzak aralykdan tabşyrmaga mümkinçilik berer.
«Innowasion Çözgüdiň» wekili kompaniýanyň halkara reýtinglerinde öňdäki orunlary eýeleýän birnäçe abraýly belorus uniwersitetleriniň resmi hyzmatdaşydygyny nygtaýar. Kompaniýadan kwotalary bolan hyzmatdaşlaryň we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda aşakdakylar bardyr:
Grodno döwlet lukmançylyk uniwersiteti (GrDLU)
Belarus döwlet lukmançylyk uniwersiteti (BDLU)
Gomel döwlet lukmançylyk uniwersiteti (GomDLU)
Witebsk döwlet lukmançylyk uniwersiteti (WDLU)
Belarus döwlet informatika we radioelektronika uniwersiteti (BDIRU)
Belarusyň milli tehniki uniwersiteti (BMTU)
Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersiteti (GrDU)
Fransisk Skorina adyndaky Gomel döwlet uniwersiteti (GDU)
Ýewfrosinýa Poloskaýa adyndaky Polosk döwlet uniwersiteti (PDU)
P. M. Maşerow adyndaky Witebsk döwlet uniwersiteti (WDU)
«Innowasion Çözgüt» kompaniýasy Belarusda okamagy meýilleşdirýän dalaşgärler üçin hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýär:
Uniwersitet we hünäri saýlamakda goldaw.
Onlaýn girişi guramak.
Synaglara taýýarlyk babatda goldaw.
Dalaşgärler jemgyýetini döretmek.
Giriş we wiza üçin resminamalary taýýarlamak.
Wiza we ýaşaýyş jaý meseleleri boýunça geňeşmeler.
Belarusda duşuşyklary guramak we goldawlar.
Okuwyň tutuş dowamynda goldaw.
Şeýle hem «Innowasion Çözgüt» 2025-nji ýylda Belarusyň uniwersitetlerine okuwa girmegiň täze şertleri, şol sanda ýaş ölçegleri, okuwyň nyrhy we uzak aralykdan okuwa kabul etmegiň aýratynlyklary barada iň täze maglumatlary berýär.
Berilýän kwotalaryň sany çäklidir!
Habarlaşmak üçin maglumatlar: