Daniýalylar Donald Trampyň Grenlandiýany ABŞ-a birleşdirmek maksatnamasy we gümrük salgytlary syýasaty sebäpli, «Coca-Cola» içgisinden ýüz öwrüp başladylar. Bu barada ýurtda bu içginiň guýulmagyna jogapkär bolan «Carlsberg» piwogaýnadyjy korporasiýanyň baş direktory Ýakob Orupa-Andersene salgylanýan «Financial Times» habar berdi.
Neşir bu amerikan gazly içgisiniň satuwlaryna garşylyk bilen baglylykda, ýerli «Jolly Cola» içgisiniň satuwynyň geçen ýyldakydan 13 esse artandygyny ýazýar.
Ilaty 57 müň adam töweregi bolan Grenlandiýa dünýäde iň uly adadyr. 1814-nji ýylda ol Daniýa degişli edildi. 2009-njy ýylda Grenlandiýa Daniýa patyşalygynyň düzüminde erkin dolandyrmak we içerki syýasatyny özbaşdak kesgitlemek hukugynyň eýesi boldy.
Tramp Grenlandiýany ABŞ-a birleşdirmek mümkinçiligi bilen özüniň birinji Prezidentlik möhletinde gyzyklandy. Ol gaýtadan saýlanandan soňra adanyň Birleşen Ştatlar üçin geosyýasy ähmiýeti barada nygtamak bilen, bu meseläni jemgyýetçilikde yzygiderli ara alyp maslahatlaşmaga başlady.