Turkmenportal logo
26.04.25
2015120151
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherinde guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bellenilişi ýaly, bu ýerde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem boldy.


Döwlet Baştutany ilki sungat ussatlarynyň çykyşlaryna, soňra Halkara atçylyk akademiýasynyň ýapyk manežinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdi.


Çykyşlar tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow açyk maneže baryp, ol ýerde guralan dabaralara tomaşa etdi.