«MIR 24» şu gün dünýäde, Russiýada we GDA ýurtlarynda bellenýän şanly seneler barada gürrüň berýär. Ynha, olar:
Konkani diliniň bütindünýä güni
Konkani – bu hindi-ariý dili bolup, onda Hindistanyň günbatar kenarýakalaryndaky, esasan hem, Goa ştatynda, şeýle hem Karnatakanyň, Maharaştranyň we Keralanyň käbir etraplarynda ýaşaýan ilat gürleýär. 2007-nji ýylda ýurduň Ýokary kazyýetiniň konkani dilini marathi diliniň şiwesi däl-de, aýratyn dil hökmünde ykrar etmegi bu diliň taryhynda ýatda galyjy waka boldy. Bu gün tutuş dünýäde medeni festiwallar geçirilip, onda konkani dilinde gürleýänleriň däp bolup gelýän tanslary, aýdym-sazlary we aşhanasy bilen tanyşdyrylýar.
Filippinlerde edermenlik güni
Bu gün 1896-njy ýylda filippin rewolýusiýaçylarynyň ispan koloniýaçylaryna gahrymançylykly garşylygynyň hatyrasyna bellenendir.
Gozgalaň Kabanatuan şäherinde başlanyp, tutuş ýurda ýaýrapdyr. Ispan goşunlary yza çekilmäge mejbur bolupdyrlar. Tiz wagtdan Garaşsyzlyk üçin Filippin-amerikan urşy başlanýar.
Edermenlik güni uly dabaralara beslenýär. Dürli çäreler, ýagny dabaraly ýörişler, konsert çykyşlary, sergiler we sport ýaryşlary geçirilýär. Oba-şäherlerde gahrymanlary hatyralamak çäreleri guralýar, ýadygärliklere gül desseleri goýulýar.
Klining pudagynyň işgärleriniň güni
Baýramçylyk 2007-nji ýylda Arassaçylyk senagaty kompaniýalarynyň assosiasiýasy tarapyndan esaslandyrylýar. Klining XIX asyrda Ýewropada we ABŞ-da binalary tämizlemek boýunça ilkinji hünärmen kompaniýalary döräp ugranda peýda bolupdyr.
Dünýäde häzir bu pudakda üç million töweregi adam zähmet çekýär. Olar ýaşaýyş öýlerini, edara jaýlaryny, senagat kärhanalaryny we beýleki binalary arassalamak bilen meşgullanýarlar. Klining ilatyň sanynyň artmagy hem-de şäherleriň ösmegi bilen baglylykda, has islegli pudaga öwrülýär.