Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

26-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

16:0026.03.2025
0
21347

Türkmenistanyň Prezidenti musulmanlary Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi mynasybetli gutlady, Aşgabatda Haýyr-sahawat gaznasynyň işini habar beriş serişdelerinde giňişleýin şöhlelendirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, HHR-niň Başlygy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny aýtdy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň musulmanlaryny Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi mynasybetli gutlady. Döwlet Baştutany gutlag hatynda bu aýratyn senäniň ruhy-ahlak taýdan ähmiýetini belläp, onuň jemgyýetiň agzybirligini we jebisligini berkitmekdäki ornuna ünsi çekdi. Prezident tutuş musulman dünýäsi ýaly, türkmen halkynyň hem gadymy döwürlerden bäri mukaddes Oraza aýyna we Gadyr gijesine hormat goýýandygyny nygtady. Bu gün tutuş ýurtdaky metjitlerde tarawa namazlary okalýar, döwletiň parahatçylygy, abadançylygy we durnuklylygy üçin doga-dilegler edilýär.

https://turkmenportal.com/blog/89310/prezident-turkmenistana-pozdravil-veruyushchih-s-nastupleniem-nochi-vsemogushchestva

2. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň medeniýet toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer hem-de ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň zenan ýolbaşçylary bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçiriljek «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň guramaçylyk ýagdaýy we ony geçirmegiň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi.

https://turkmenportal.com/blog/89304/v-ashhabade-obsudili-aktualnost-shirokogo-osveshcheniya-v-smi-raboty-blagotvoritelnogo-fonda

3. Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar durnukly ösüş häsiýetine eýe bolup, dürli ulgamlarda yzygiderli çuňlaşdyrylýar. Bu barada HHR-niň Başlygy Si Szinpin Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna iberen hatynda belledi. «Häzirki wagtda hytaý-türkmen gatnaşyklary durnukly ösüş häsiýetine eýe bolup, «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çäklerindäki özara hereketlerimiz yzygiderli ilerledilýär, dürli ulgamlardaky gatnaşyklarymyz çuňlaşdyrylýar» diýip, HHR-niň Başlygy nygtady.

https://turkmenportal.com/blog/89318/predsedatel-knr-vyrazil-gotovnost-prodvigat-sotrudnichestvo-s-turkmenistanom

4. Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Nowruz baýramy mynasybetli gutlady we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdi. «Sizi tebigatyň janlanmagynyň, röwşen geljege umyt-arzuwyň nyşany bolan ajaýyp Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Belarus bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan hoşniýetli gatnaşyklaryň ähli ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýurtlarymyzyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam berjekdigine ynanýaryn» diýip, Lukaşenko belledi.

https://turkmenportal.com/blog/89317/lukashenko-vyrazil-uverennost-v-rasshirenii-sotrudnichestva-s-turkmenistanom

5. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Diýar Yhtyýarow Özbegistan Respublikasynyň Ýaşlara goldaw merkezi we «Scientific Academy» ylmy-barlag merkezi tarapyndan guralan halkara bäsleşikde ýeňiji boldy. Ýaş alym bäsleşige «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän döwletleriň ekologik abadançylygyny berkitmek» atly ylmy işini hödürledi. Onuň işi ylmy geňeş tarapyndan biragyzdan makullandy we oňa ýokary baha berildi.

https://turkmenportal.com/blog/89289/turkmenskii-prepodavatel-poluchil-mezhdunarodnuyu-nagradu-za-issledovanie-ekologii-shelkovogo-puti

6. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistanda täze bellenen ýurt boýunça direktory Çinwe Ogbonnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Raşid Meredow diplomata ýurduň bu halkara düzümi bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen işinde üstünlikleri we täze sepgitleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge ylalaşdylar.

https://turkmenportal.com/blog/89302/v-mid-turkmenistana-proshla-vstrecha-s-novym-stranovym-direktorom-yunfpa

Dünýäde

1. Parižiň ýaşaýjylary şäheriň 500 köçesini awtoulagsyz giňişlige öwürmek baradaky başlangyjy goldadylar. Munuň özi pyýada geçelgelerini giňeltmäge, welosiped ýodalaryny döretmäge we ýaşyl zolaklaryň sanyny artdyrmaga mümkinçilik döreder. Mundan başga-da, awtoulag duralgalarynyň sanyny 10% azaltmak meýilleşdirilýär.

https://turkmenportal.com/blog/89311/parizh-bez-avtomobilei-500-ulic-stanut-peshehodnymi-zonami

2. «Geçiş ýaşy» («Переходный возраст») atly britan kiçi-serialy çykmagyndan soňky ilkinji iki hepdäniň dowamynda «Netflix» platformasynda 66,3 million gezek tomaşa edilip, täze rekord goýdy. Bu platformanyň ozalky ähli kiçi seriallarynyň, şol sanda geçen ýylky meşhur «Sugun owlagynyň» («Оленёнок») hem görkezijisinden ýokarydyr. «Geçiş ýaşy» mart aýynyň başynda ilkinji gezek ýaýlyma berildi we derrew tomaşaçylaryň ünsüni çekdi. Sýužet Jeými atly on üç ýaşly ýetginjege gönükdirilýär. Ol synpdaşyny öldürmekde aýyplanyp, tussag edilýär. Tomaşaçylar oglanjygyň kakasy, jemgyýetçilik hyzmatlary we polisiýa bilen bilelikde näme bolandygyny anyklamaga synanyşýarlar. Serial dartgynly atmosferasy we güýçli aktýorlygy üçin tankytçylaryň ýokary öwgüsine mynasyp boldy.

https://turkmenportal.com/blog/89315/britanskii-miniserial-perehodnyi-vozrast-bet-rekordy-na-netflix

Sport täzelikleri

1. Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýa Kubogy-2027-niň üçünji saýlama tapgyrynyň deslapky oýnunda Hytaý Taýbeýinden üstün çykdy. «D» toparçasyndaky oýun 2:1 hasabynda tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde «Ahalyň» hüjümçisi Elman Tagaýew hem-de «Arkadagyň» ýarymgoragçysy Ýazgylyç Gurbanow tapawutlandy. Türkmenistan indiki oýnuny 10-njy iýunda Taýland bilen öz öýünde geçirer. Hytaý Taýbeýi bolsa myhmançylykda Şri-lanka bilen oýnar. Ýeri gelende bellesek, bu Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 2022-nji ýylyň iýunynda Bangladeşiň toparyny ýeňeninden bäri geçirilen resmi oýunlardaky ilkinji ýeňşidir.

https://turkmenportal.com/blog/89299/turkmenistan-obygral-kitaiskii-taibei-v-otbore-na-kubok-azii

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň