Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna mukaddes Oraza aýynyň ynsanperwerligi, sahawatlylygy hem-de ýagşylygy dabaralandyrýan Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi mynasybetli gutlag haty bilen ýüzlendi.
"Türkmenistan" gazetinde çap edilen gutlag hatynda döwlet Baştutany mübärek Gadyr gijesiniň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýän, döredýän hem-de gurýan türkmen halkynyň kalbynda ýakymly duýgulary döretjekdigine berk ynanýandygyny belleýär.
"Pespälligi mylaýymlyk, kanagaty sahylyk, päkligi asyllylyk, bilimi danalyk, dogruçyllygy hoşamaýlyk, ýagşylygy jomartlyk, gülerýüzlüligi dostluk hasaplan ata-babalarymyz dünýä gymmatlyklarynyň ulgamynda nusgalyk maddy we ruhy hazynalary, milli däpleri, ynanç-adatlary, belent ruhy-ahlak ýörelgelerini hem-de taglymatlaryny döredipdirler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu gymmatly genji-hazynanyň gadyr-gymmaty has-da ýokary derejä çykyp, adamzady doganlaşdyrýar, geçmiş bilen şu güni we geljegi birleşdirýär. Jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün edýär, şol bir wagtyň özünde-de nesillerde milli buýsanjy pugtalandyrýar. Bu gymmatlyklaryň arasynda beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýy bolan Oraza aýynyň mübärek Gadyr gijesiniň dessurlary aýratyn orny eýeleýär. Ähli döwürlerde, ähli eýýamlarda bolşy ýaly, olar biziň günlerimizde hem musulman dünýäsi bilen birlikde mynasyp dowam etdirilýär.
Haýyr-sahawatly bu mukaddes gijede agzaçar sadakalary berlip, gadymy hem-de häzirki zaman binagärlik däplerine laýyk gelýän täze, döwrebap metjitlerde tarawa namazy okalýar. Dünýäde abraýy barha belende galýan eziz Watanymyzyň berkararlygy, rowaçlygy, merdana halkymyzyň agzybirligi we abadançylygy, Ýer ýüzüniň parahatçylygy, asudalygy üçin doga-dilegler edilýär" diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda ýazýar.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem mübärek Gadyr gijesiniň hormatyna beýik ata-babalaryň wesýet eden, asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerini, milli ýörelgelerini goldanyp, iş kesilenleriň günäsini geçip, olaryň maşgala agzalarynyň arasyna gowuşmaklary üçin zerur şertler döredilýär. Bu bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowam etdirilýän belent ynsanperwerligimizdir we milli ýörelgelerimizdir, barha pugtalandyrylýan agzybirligimizdir, Zemine dolýan bagtyýarlygymyzdyr, rowaçlygymyzdyr.
"Geljekde-de abadançylygyň, gülläp ösüşleriň, bagtyýarlygyň hatyrasyna ägirt uly işleri amala aşyrarys, kuwwatly täze kärhanalary, önümçilik merkezlerini, döwrebap şäherleridir obalary gurarys. Bereketli topragymyzdan Ýer ýüzüne uzaýan parahatçylyk, dost-doganlyk, hyzmatdaşlyk ýollary arkaly dünýä ýurtlary bilen gatnaşyklary has-da berkideris" diýip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda nygtaýar.
Gutlagynyň ahyrynda döwlet Baştutany halkyna mübärek Oraza aýynyň sahawatly günlerinde hem-de Gadyr gijesinde amal edilýän tagat-ybadatlaryň, agzybirlik we abadançylyk, dünýäde abraýy barha belende galýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň berkararlygy, rowaçlygy üçin edilýän doga-dilegleriň Gudraty Güýçli Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagyny, şeýle-de watandaşlaryna berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurduň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýär.