Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-da uçarmanyň pasportyny unudandygy üçin uçar yzyna dolandy

11:1526.03.2025
0
19220
ABŞ-da uçarmanyň pasportyny unudandygy üçin uçar yzyna dolandy
Surat: RBK

Amerikanyň Los-Anjeles şäherinden Şanhaýa uçan «United Airlines» kompaniýasynyň ýolagçy uçary uçarmanlaryň biriniň öýde pasportyny ýatdan çykarandygy sebäpli, yzyna dolanmaly boldy. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugyna salgylanýan CNN habar berdi diýip, «Daryo.uz» ýazýar.

Uçarda 257 ýolagçy hem-de ekipažyň 13 agzasy bardy. Uçar ýola düşenden iki sagat soňra yzyna öwrüldi we San-Fransisko tarap ugur aldy.

«Uçarman pasportyny unudypdyr. Biz öz müşderilerimizi şol gije Şanhaýa eltmek üçin täze ekipaž guradyk. Müşderilere öweztölegi hem-de nahar wauçerleri teklip edildi» diýlip, awiakompaniýanyň beýanatynda aýdylýar.

Dört sagat soňra San-Fransiskodan täze uçar Şanhaýa uçdy. Uçar ol ýerde takmynan alty sagat gijä galyp gondy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň