Ozal habar berşimiz ýaly, 3-nji fewralda Astana şäherinde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
Türkmen wekiliýeti Astana saparynyň çäklerinde, şu gün Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym Žomart-Tokaýew tarapyndan kabul edildi.
Gazak Lideriniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda Prezident Kasym Žomart-Tokaýew Türkmenistany Aşgabat tarapyndan öňe sürlen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen gutlady.
Döwlet Baştutany gazak-türkmen gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda dostluk, hoşniýetlilik we strategik hyzmatdaşlyk ruhunda ösýändigini aýtdy. Şol babatda, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlarynyň ähmiýetini belläp, bu ugurda göz öňünde tutulan maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine Gazagystanyň mümkin bolan ähli goldawy bermäge taýýardygyny nygtady
Bellenilişi ýaly, iki ýurt ykdysady hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini saklaýarlar we özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara gün tertibindäki meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýarlar.
Wise-premýer Raşid Meredow öz gezeginde Gazagystanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Diplomatyň pikiriçe, türkmen-gazak hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen wekiliýeti Aşgabadyň döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça Astana bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardygyny belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda energetika, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer ugurlarda ozal gazanylan ýokary derejeli ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.