Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Singapurda etraplaryň biriniň ýaşaýjylary maýmynlaryň hüjüminden ejir çekýärler

12:5304.02.2025
0
15767
Singapurda etraplaryň biriniň ýaşaýjylary maýmynlaryň hüjüminden ejir çekýärler
Surat: gazeta.ru

Singapurda etraplaryň biriniň ýaşaýjylary ýerli häkimiýetlere maýmynlaryň sürüsiniň hüjüminden arz edýärler. Bu barada «Zaobao» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berýär.

Ejir çekenleriň gürrüň bermegine görä, ýanwaryň aýagynda Punggol etrabynda 30 sany ýabany maýmyn peýda bolupdyr. Olar ilki ýerasty ulag goýulýan duralgalarda zibil atylýan gaplary dörüp, iýmit gözläpdirler. Soňra olar birinji - ikinji gatlarda ýerleşýän ýaşaýyş öýlerine tarap hüjüm edipdirler.

52 ýaşly Çen familiýaly zenanyň aýtmagyna görä, öýde ýok wagty maýmynlar onuň öýüni talapdyrlar. Çen öýüň içinde dagaşyp ýatan pyrtykal gabyklaryny, döwülen ýumurtgalary görüpdir. Maýmynlar şeýle-de mürepbeli gaby döwüpdirler. Zenan öýüni arassalamak üçin birnäçe sagat işländigini gürrüň berýär.

Etrapda ýene-de birnäçe adam maýmynlaryň hüjüminden ejir çekendiklerini gürrüň berdi diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň