Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2024-nji ýylda Türkmenistanyň oba hojalyk önümleriniň eksporty ep-esli artdy

11:5304.02.2025
0
24500

Gümrük statistikasynyň 2024-nji ýyl boýunça seljermesi bu döwürde Türkmenistandan eksport edilen harytlaryň köpelendigini görkezýär. Bu harytlaryň aglaba bölegini oba hojalyk önümleri düzýär diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berýär.

Hususan-da, ýyladyşhanalardan alnan pomidor hasylynyň daşary döwletlere eksport edilen möçberiniň has artandygy bellenilýär. Daşary ýurtlara çykarylan pomidoryň umumy mukdary 149 müň tonna boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýyla görä 43 göterime golaý ýokarlandy. 2024-nji ýylda umumy eksport edilen pomidoryň 56%-e golaýy Russiýa Federasiýasyna, 28%-e golaýy Gazagystana we 11%-den gowragy Gyrgyzystana iberildi.

2024-nji ýylda Türkmenistanyň eksportynyň haryt gurluşynda gök-bakja ekinleri we miwe önümleri hem agdyklyk edýär. Geçen ýylyň başyndan bäri mäşiň 13 müň tonna golaýy, ter düýp soganyň 6 müň tonna golaýy, ter miweleriň we üzümiň 4 müň tonna golaýy eksport edildi. Bulardan başga, görkezilen döwürde goňşy ýurtlara konditer önümleriniň, gaplanan gök-bakja we miwe önümleriniň, alkogolsyz içgileriň uly möçberleri eksport edildi.

Eksporta ýardam berýän şertleri döretmek babatda gümrük amallarynyň awtomatlaşdyrylmagy we sanlylaşdyrylmagy Döwlet gümrük gullugynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri Eksport-import amallary üçin bir penjire mehanizminiň işe girizilendigini hem-de ýurdumyzyň eksport edijileriniň ulgama girip we portal arkaly hyzmatlary elektron görnüşde alyp bilýäniklerini ýatlatmak isleýäris. Munuň özi harytlary gümrük taýdan resmileşdirmek işini birnäçe esse çaltlaşdyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň