Turkmenportal logo
11.01.25
2371323713
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tramp Putin bilen duşuşyga taýýarlyk görülýändigini habar berdi
Surat: interfax.ru

ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Tramp özüniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygynyň taýýarlyk ýagdaýyndadygyny aýtdy.


«Ol (Putin) duşuşmak isleýär, biz ol duşuşygy taýýarlaýarys» diýip, Tramp özüniň Mar-a-Lagodaky mülkünde Respublikaçy-gubernatorlar bilen duşuşygynyň öňüsyrasy gürrüň berdi.


Tramp: «Prezident Putin duşuşmak isleýär, ol bu barada hatda köpçülikde-de aýtdy» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.


Bu barada «INTERFAX.RU» ýazýar.