Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň täze desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy

09:5120.12.2024
0
16162
Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň täze desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
Surat: TDH

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy dekabr güni irden Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere geldi. TDH-niň habar berşi ýaly, bu ýerde Gahryman Arkadag ýurtda awtomobil sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljak binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň içeri işler ministri M.Hydyrow Gahryman Arkadaga Awtomobil sport toplumynyň binalarynyň taslamalarynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy hasabaty kabul edip, ilki bilen, bu künjegiň özboluşly tebigatyny, ösümlik dünýäsini synlady. Bellenilişi ýaly, Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumy bina edilende, bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlyklaryna üns berilmelidir. Sähranyň özboluşly dünýäsi göz öňünde tutulmalydyr. Soňra Gahryman Arkadag bu ýerde görkezilýän taslamalar bilen tanyşdy. Bu ýerde toplumyň binalarynyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we desgalaryň aýratynlyklaryna, enjamlaşdyrylyşyna, bezeg işlerine degişli taslamalar görkezildi.

Awtomobil sport toplumynyň guruljak ýeriniň umumy meýdany 71 gektar bolup, ol Aşgabatdan 40 kilometrden gowrak demirgazykda ýerleşýär. Toplumy gurmak üçin kesgitlenen künjegiň amatlydygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde görkezilýän taslamalar boýunça birnäçe maslahatlaryny berdi. Täze toplumyň desgalarynyň binagärlik aýratynlygy boýunça taslamalaryň üç toplumy teklip edilýär. Gahryman Arkadag Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklap beren taslamalar toplumynda görkezilýän binalaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Taslamada görkezilişi ýaly, merkez iki bölekden ybarat bolup, olarda awtomobil sporty boýunça türgenleşikleri geçirmek, sport ulaglaryny ýaryşlara taýýarlamak, türgenler bilen okuwlary geçmek, halkara derejeli ýaryşlary guramak üçin ähli zerur mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem toplumyň binalarynyň biriniň nyşany hökmünde ahalteke bedewiniň, beýlekisi üçin bolsa alabaýyň şekili saýlanyp alnypdyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurtda awtomobil sportunyň ösdürilmegine ähmiýet berilýändigini nygtap, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmeginiň, bu ugur bilen meşgullanýan türgenleriň ussatlyklaryny artdyrmak, olaryň halkara derejedäki ýaryşlara gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleleriň döwletiň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny aýtdy. Munuň özi türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanmaklaryna giň ýol açýar. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gahryman Arkadag türkmen türgenleriniň “Ýüpek ýoly — 2024” halkara awtoralli ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, kümüş hem-de bürünç medallara mynasyp bolandyklaryny belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy täze toplumyň ähli görkezijiler babatda ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelmelidigini, bu ýerde dünýä ýaryşlaryny, awto we motosportuň dürli görnüşleri boýunça, şol sanda kiçi göwrümli sport ulaglarynyň halkara bäsleşiklerini geçirmek üçin ähli zerur şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy. Şunda halkalaýyn bäsleşik ýollarynyň gurulmagy, dürli päsgelçilikli menzilleriň çekilmegi we çylşyrymly şertleri özünde jemleýän uzak aralyk boýunça awtomobil ýaryşlarynyň geçirilmegi üçin mümkinçilikleriň nazara alynmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň