Türkmenistanyň Janly tebigatyň milli muzeýi Haýwanat baglarynyň we akwariumlaryň Ýewraziýa birleşigine doly agza boldy. Bu baradaky degişli şahadatnamany Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin Aşgabat şäher häkimine gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar bu ugurda mundan beýläk-de geljekki hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar-diýip Russiýanyň ilçihanasy resmi sosial ulgamlarynda habar berdi.
Şahadatnamanyň gowşurylmagy, şu ýylyň oktýabr aýynda Haýwanat baglarynyň we akwariumlaryň Ýewraziýa birleşiginiň wekiliýetiniň Aşgabat şäherine eden sapary wagtynda gazanylan şertnamalaryň dowamy boldy. Saparyň esasy maksady, Aşgabadyň haýwanat bagynyň Haýwanat baglarynyň we akwariumlaryň Ýewroaziýa birleşigin agzalyga goşulmagy üçin halkara ülňülerine laýyklygyny bahalandyrmakdan ybarat boldy.
Ýadyňyzda bolsa, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Haýwanat baglarynyň we akwariumlaryň Ýewraziýa birleşigi tarapyndan Janly tebigatyň milli muzeýine Wolokolamskiýniň Seýrek ýabany haýwanlary köpeltmek boýunça merkezinden getirilen Sumbar atly aýyjygyň sowgat berilendigi barada hem habar beripdik.