Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti we Buharestiň Milli politehniki ylymlar we tehnologiýalar uniwersiteti Özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekdiler.
Ähtnama gol çekmek dabarasy «Akylly şäher: dolandyryş, sanly, akylly we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlyk, ykdysadyýet» atly Halkara ylmy-amaly maslahatynyň çäklerinde onlaýn görnüşde geçirildi.
Gol çekilen Ähtnamanyň esasynda şu işleriň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär:
• bilelikdäki ylmy-barlaglary alyp barmak we tejribe-konstruktorçylyk taslamalaryny geçirmek;
• leksiýalary, simpoziumlary, interaktiw duşuşyklary, maslahatlary we seminarlary gurnamak;
• okuw maksatnamalary we ylmy işler boýunça professor-mugallymlary we talyplary alyşmak;
• okatmakda innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmak we kämilleşdirmek maksady bilen tejribe alyşmak.
Şeýle hem taraplar professor-mugallymlaryň, hünärmenleriň we ýaş alymlaryň barlag-gözleg netijelerini halkara ylmy žurnallarda bilelikde çap etmegi amala aşyrmak niýetini bildirdiler.
Bu ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym we bilim babatynda netijeli hyzmatdaşlyk birnäçe ýyllaryň dowamynda üstünlikli alnyp barylýar – diýlip, Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň metbugat üçin habarynda bellenilýär.