Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Arap gijesi» şüweleňli tomaşasy ýene-de öz muşdaklaryna garaşýar

11:0014.12.2024
0
25374

«Alba» döredijilik topary 2024-nji ýyly dabaraly ugratmaklyga taýýarlyk görýär —ol meşhur Aladdin hakynda ertekisine esaslanýan «Arap gijesi» diýen ajaýyp sazly sahna oýnuny hödürleýär.

Tomaşaçylara simfonik orkestriň, hor toparynyň we tansçylaryň gatnaşmagynda şüweleňli sahna oýny garaşýar. Bu şüweleňli sahna oýny diýseň şowhunly bolup, maşgala bolup tomaşa etmek üçin örän laýykdyr.

Bu ajaýyp sazly sahna oýnuny döretmäge aşakdaky sungat ussatlar topary gatnaşdy:

Režissýory: Atageldi Rozyýew we Nina Supanko

Dirižýory: Kowus Bäşimow

Horeografy: Ýekaterina Begençewa

Art-direktory: Mähri Şammyýewa

Baş keşplerde zehinli artistler çykyş edýärler:

Döwran Şammyýew – Aladdiniň keşbinde

Rustam Hojaýew — Jyn

Munisa Hudaýbergenowa — Jasmin

Slawa Lawin — Soltan

Wladimir Dadaýan — Jafar

Şüweleňli tomaşa 18-nji dekabrda sagat 19:00-da «Arkaç» söwda merkeziniň «Bahar» toý zalynda bolar.

Biletleri öňünden sargyt etmek üçin telefonlar:

(+993 62) 82 07 81

(+993 61) 72 78 63

Sosial ulgamdaky sahypa.

Şeýlelik bilen, gündogar ertekisiniň täsin dünýäsine aralaşmak mümkinçiligini elden gidirmäň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň