Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Afrika ýurtlarynyň golaý wagtda guramanyň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalygyna kabul ediljekdigini habar berdi diýip, TASS ýazýar.
«Afrika ýurtlarynyň BMG-niň HG-iniň düzümine girmegi üçin çynlakaý päsgelçilikler ýeňlip geçildi. Ýagny Afrikanyň iki ýurdunyň Howpsuzlyk Geňeşe hemişelik agza bolmagy barada ylalaşyk gazanyldy. Men wezipämde möhletim dolýança, Afrika ýurtlarynyň geňeşe agza bolandygyny görmäge ýetişerin diýip, ynanýaryn» diýip, Guterriş nygtady.
Baş sekretaryň pikirine görä, Ahlumumy Günortanyň BMG-niň işine täsiri örän ýokarydyr. Olar dünýä jemgyýetçiliginiň köplügini aňladýarlar hem-de guramanyň işine aýgytly täsir edýärler.