Daşoguz şäherinde “KamAZ” okuw-hyzmat merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Merkezde awtoulaglary abatlamak we olara hyzmat etmek işleri ýerine ýetiriler diýip, TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, okuw-hyzmat merkeziniň düzümine edara binasy, ammar jaýy we abatlaýyş bölümi girýär. Bu ýerde awtoduralga-da göz öňünde tutulypdyr. Toplumyň çäginiň uly bölegi ätiýaçlyk şaýlary saklamak üçin ammar jaýyna berlipdir. Ätiýaçlyk şaýlar bilen bökdençsiz üpjün edilmegi abatlaýyş işlerini gysga möhletde ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň çäginde Türkmenistana şeýle kysymly dürli ulag tehnikalarynyň müňlerçesiniň getirilendigini bellemek gerek. “KamAZ” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri bu kysymly awtoulaglaryň nusgalaryny hem-de olaryň ulanylyş häsiýetnamalaryny yzygiderli kämilleşdirýärler. Häzirki döwrüň ýokary talaplary esasynda öndürilýän awtoulaglaryň köp ýyllaryň dowamynda ulanylmagy olaryň Türkmenistanyň howa şertlerine laýyk gelýändigini görkezdi.
Dabaranyň çäginde ýerli gurluşyk kärhanalarynyň has tapawutlanan işgärlerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy diýlip, çeşmede bellenilýär.