Şu gün Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Aşgabatda «Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar» atly halkara maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Maslahata Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara we sebit guramalarynyň, hususan-da, BMG-niň wekilleri, Daşary işler ministrliginiň işgärleri, şeýle-de halkara gatnaşyklary we howpsuzlygy ugruna ýöriteleşen bilermenler, parahatçylygy we ynanyşmagy ilerletmek boýunça işleri işjeň alyp barýan ýaşlar we talyplar guramalary, raýat jemgyýetiniň, akademiki we ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Halkara maslahatyň ýokary derejeli mejlisiniň açylyş dabarasynda daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň netijeli daşary syýasy ugry barada aýdyp berdi. Hususan-da, ol Türkmenistanyň daşary syýasatynyň kesgitleýji alamaty, pelsepesi bolup köpçülikleýin, ulgamlaýyn esasdaky bilelikdäki işe, birleşmäge we jebisleşmäge daýanmagyň çykyş edýändigini aýratyn belledi.
Soňra Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym, Özbegistanyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça Ýörite wekili Abdulaziz Kamilow, BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory Natalýa German, BMG-niň Baş sekretarynyň kanunyň hökmürowanlygy we howpsuzlyk edaralary boýunça kömekçisi Aleksandr Zuýew, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Terri Hakala dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda möhüm ählumumy meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de parahatçylyga we ösüşe abanýan howplaryň we wehimleriň öňüni almagyň sazlaşykly mehanizmlerini işläp taýýarlamak üçin Aşgabatda bu maslahaty çagyrmagyň ähmiýetini bellediler.
BMG-niň Baş sekretarynyň Ählumumy aragatnaşyk boýunça orunbasary Melissa Flemingiň hem-de BMG-niň ozalky Baş sekretary, Ählumumy Ýaşyl ösüş institutynyň ýolbaşçysy Pan Gi Munuň wideoýüzlenmelerinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde tagallalary birleşdirmegiň möhümdigi barada nygtaldy.
Soňra maslahat «Durnukly ösüş parahatçylygyň we ynanyşmagyň özeni hökmünde», «Halklaryň arasyndaky ynanyşmak we halkara guramalarynyň ähmiýeti» we «Ynanyşmagy berkitmekde innowasion çemeleşmeler» atly tematiki mejlislerde dowam etdi.
Mejlislere gatnaşyjylar öňüni alyş diplomatiýa mehanizmlerini ulanmak we bar bolan halkara we sebit düzümleriniň mümkinçiliklerini güýçlendirmek arkaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary barada pikir alyşdylar.
Maslahata gatnaşanlar parahatçylygy berkitmek we durnukly ösüşi gazanmak ugrunda tagallalary mümkingadar birleşdirmäge şertleşdiler. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilen geljek ýylyň ähmiýeti bellendi.
Maslahatyň netijeleri boýunça jemleýji resminama kabul edildi. Resminamada maslahatda çykyş eden wekilleriň esasy garaýyşlary özüniň beýanyny tapdy.