Türkmenistan Russiýa syýahat etmek üçin raýatlary bitewi elektron wiza alyp bilýän döwletleriň täzelenen sanawyndan orun aldy. Bu barada RF-niň Hökümetiniň metbugat gullugyna salgylanyp, «Business Turkmenistan» habr berdi.
Çeşmäniň bellemegine görä, degişli karara Russiýanyň Hökümetiniň baştutany Mihail Mişustin tarapyndan geçen hepdäniň anna güni gol çekildi.
Russiýa syýahat etmek üçin raýatlary bitewi elektron wiza alyp bilýän döwletleriň sanawyna täze goşulan ýurtlaryň arasynda Türkmenistandan başga-da Barbados, Butan, Iordaniýa, Keniýa, Papua-Täze Gwineýa, Sent-Lýusiýa, Tonga, Trinidad we Tobago hem-de Eswatini döwletleriň ady bar.
Ýeri gelende bellesek, Russiýa 2023-nji ýylyň 1-nji awgustynda daşary ýurtly syýahatçylara elektron wiza bermegi ýola goýdy. Häzirki wagtda raýatlary bu mümkinçilikden peýdalanyp bilýän ýurtlaryň sany 64-e ýetdi. Russiýa syýahat etmek üçin elektron wiza alnanda resminamalary düzetmek işi Russiýanyň DIM-iniň portaly arkaly ýerine ýetirilýär. Elektron wiza üçin resminamalary düzetmek dört günden köp wagt almaýar, şol bir wagtyň özünde ýörite çakylyklary, myhmanhanada ýer bronlamagy ýa-da beýleki tassyklaýjy resminamalary talap etmeýär. Alty ýaşdan kiçi çagalara elektron wiza mugt resmileşdirilýär.