Turkmenportal logo
07.12.24
2482024820
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Makron ygtyýarlylyk möhleti tamamlanýança wezipesinde galjakdygyny yglan etdi
Makron ygtyýarlylyk möhleti tamamlanýança wezipesinde galjakdygyny yglan etdiSurat: mir24.tv

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron millete ýüzlenmesinde öz wezipesinde 2027-nji ýylda ygtyýarlylyk möhleti tamamlanýança galjakdygyny aýtdy. Bu barada «MIR 24» ýazýar.


Respublikanyň Baştutany garşylykçy güýçleri Prezident saýlawlaryndan başga zady alada etmezlikde aýyplap, özüniň 2027-nji ýylda geçjek Prezident saýlawlaryna gatnaşyp bilmejekdigini, şonuň üçin häzirki wagtda ýurduň bähbitleri barada aladalanýandygyny nygtady.


Fransiýanyň geljeginiň salgytlaryň artdyrylmagynyň we edara ediş düzgünleriniň köpeldilmeginiň hasabyna gurulmaly däldigini bellän Makronyň millete ýüzlenmesini ýurduň «BFMTV» teleýaýlymy görkezdi.


Penşenbede Fransiýanyň Prezidenti ýurduň Premýer-ministri Mişel Barnýeniň hökümetiniň iş başyndan gitmek baradaky ýüztutmasyny kabul etdi. Makronyň sözlerine görä, täze Hökümet başlygy golaý günlerde bellener.