Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Katmer» kafesi: türk süýjülikleriniň täze serhetlerini açyň

14:1806.12.2024
0
17766

«Katmer» kafesi sizi türk desertleriniň täsin dünýäsine syýahat etmäge çagyrýar. Bu ýerde özüňiz üçin desert tagamlarynyň täze serhetlerini açyp we ýatdan çykmajak täsir galdyrjak ajaýyp datly süýjüliklerden lezzet alyp bilersiňiz.

Kafeniň esasy desertleriniň biri pisse kadaifleridir. Süýji şerbetli inçe hamyr agzyňda eräp, hoşboý ysly pisseler bolsa deserte gaýtalanmajak tagamy berýär. Bu ýere gelýän myhmanlar «Katmeriň» konditer aşpezleriniň täsin sungatyna gözli şaýat bolup bilerler. Olar täsin usulda süýjülikleri müşderilere görkezip hem taýýarlap bilýärler.

«Katmer» kafesine her gezek baranyňda, täsirli, janly gastronomiki başdan geçirmeler hakydaňda galýar. Tagamlaryň ajaýyp sazlaşyklary we täsin görnüşde hödürlenmegi baýramçylyk atmosferasyny döredýär, her pursatdan lezzet almaga mümkinçilik berýär.

«Süýjüliklerimiz ilkinji döwüminden söýgi bilen gurşalan! Geliň, muny özüňizem dadyp görüň» diýip, kafeniň wekili belleýär.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Ankara köçesi, 19-njy jaý (ozalky Ýubileýnaýa);
  • telefon belgileri: (+993 63) 24 99 44;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň