USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň Marydaky 2-nji tapgyryny üstünlikli tamamlady. Maksatnama “Akylly hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň “Algoritm” okuw merkezi bilen hyzmatdaşlykda 2024-nji ýylyň maý-noýabr aralygynda amala aşyryldy.
USAID-iň YDA taslamasynyň “TechYouth Bootcamp” maksatnamasy IT ugurlar boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir we “bootcamp” formatynda “doly çümmek” görnüşinde intensiw kurslaryny öz içine alýar. Maksatnamanyň esasy maksady ýaşlara hünär almaga we işe ýerleşmäge mümkinçilik bermek.
Bu maksatnama 2022-nji ýylda başlandy we şondan bäri Aşgabatda, Maryda we Türkmenabatda üstünlikli amala aşyryldy.
2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 19-da “Akylly hyzmat” HJ-niň “Algoritm” okuw merkezinde “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň Marydaky 2-nji tapgyryny uçurymlaryna okuwy üstünlikli tamamlandyklary barada şahadatnamalary gowşurylyş dabarasy baýramçylyk ýagdaýda geçirildi. Dabara ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisiniň orunbasary Ändrü Bördi we ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Türkmenistandaky Wekili Jeffreý Skarin gatnaşdylar.
Alty aýlyk maksatnamanyň dowamynda gatnaşyjylaryň 35-si şu ugurlaryň biri boýunça hünar aldylar: “IT ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek we dolandyrmak” ýa-da “Grafiki dizaýny”. IT ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek we dolandyrmak boýunça kursy kompýuter ulgamlary tehnologiýalarynyň esaslaryny, serwerleri dolandyrmak, maglumatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek we ulanyjylara tehniki goldaw bermek ýaly meseleleri öz içine aldy. Gatnaşyjylar serwerleri sazlamak we dolandyrmak, şeýle-de IT infrastrukturasyna degişli meseleleri çözmek ýaly ugurlarda başarnyklaryna eýe boldular.
Grafiki dizaýny kursy kompozisiýanyň esaslaryny, reňk nazarýetini, grafiki redaktorlary (meselem, Adobe Photoshop we Illustrator) ulanmak, logo we brending materiallaryny döretmek, şeýle-de çap edilýän we sanly önümler üçin maketleri işläp taýýarlamak ýaly temalary öz içine aldy. Iki kurs hem leksiýalary amaly sapaklary bilen utgaşdyrdylyp geçirildi, bu bolsa gatnaşyjylara ýerli kompaniýalar üçin hakyky taslamalarynyň üstünde işlemek mümkinçiligini berdi.
Maksatnamanyň Marydaky 2-nji tapgyrynyň uçurymlarynyň 35-si zähmet bazarynda isleg bildirilýän hünarlerine eýe boldular. Olaryň ýarysyndan gowragy eýýäm ýerli kompaniýalara işe ýerleşdiler we galanlarynyň köpüsi ýakyn hepdelerde işe girerler diýip garaşylýar.
USAID-iň YDA taslamasy “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň indiki tapgyrlaryny ähli welaýatlarda amala aşyrmagy meýilleşdirýär.