27-nji noýabrda Namibiýada geçen Prezident saýlawlarynda ýurduň Prezidentiniň orunbasary we dolandyryjy Günorta-Günbatar Afrikanyň Halk guramasynyň wekili Netumbo Nandi-Ndaitwa ýeňiş gazandy.
Bu barada Namibiýanyň Saýlaw toparynyň resmi habaryna salgylanýan "TASS" habar berdi.
Ähli saýlaw býulletenleri sanalandan soňra Nandi-Ndaitwa üçin ýurduň saýlawlara gatnaşan raýatlarynyň 57 göteriminiň ses berendigi belli boldy.
Netijede, Namibiýanyň tutuş taryhynda ilkinji gezek döwlet Baştutany zenan boldy, ol dalaşgärleriň 14-sinden üstün çykmagy başardy.
Fewralda Namibiýanyň Prezidentiniň wezipe ygtyýarlyklaryny wagtlaýyn ýerine ýetirýän wise-Prezident Nangolo Mbumba döwlet Baştutany hökmünde kasam kabul etdi. Ol Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Netumbo Nandi-Ndaitwany täze wise-Prezident wezipesine belledi.
Ýurduň Lideri Hage Geýngoba 4-nji fewralda agyr keselden aradan çykdy.
Öň Namibiýa BRIKS halkara guramasyna birleşmeklige gyzyklanma bildirýändigini yglan edipdi.