Häzirki wagtda zeminde ýaşap ýören iň uzak ýaşly erkek kişi diýlip, 112 ýaşly braziliýaly Žoao Marino Neto yglan edildi. Ol britaniýaly deň-duşy Jon Tinniswud golaýda aradan çykandan soňra bu derejä eýe boldy diýip, «MIR 24» habar berýär.
2024-nji ýylyň 1-nji dekabrynda braziliýaly 112 ýyl we 57 gün ýaşady. Ol 1912-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda dünýä indi. Mundan öň Žoao Braziliýada we Latyn Amerikasynda iň uzak ýaşly diýlip hasaplanýardy.
Žoao fermerleriň maşgalasynda dünýä indi, dört ýaşyndan kakasyna kömek edip başlady, mal bakdy, baglaryň hasylyny ýygyşdy. Onuň aýaly Žozefa Albano duş Santuş ikisiniň dört ogly dünýä indi. Ikinji aýalyndan üç ogly doguldy.
Häzir onuň ogullarynyň altysy ýaşap ýör, şeýle-de 22 agtygy, 15 çowlugy we üç ýuwlugy bar.
Braziliýaly daýhançylyk bilen meşgullandy, mekgejöwen we noýba ekdi, iri şahly mallary, geçi, doňuz we towuk köpeltdi. Ol özüniň uzak ýaşamagynyň syry hökmünde oňat adamlaryň arasynda ýaşandygyny aýdýar.
Häzirki wagtda dünýäde iň uzak ýaşly zenan Ýaponiýada ýaşaýan 116 ýaşy Tomiko Itookadyr.