Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mahmud al-Maşhadani Yragyň Parlamentiniň başlygy wezipesine saýlandy

09:0002.11.2024
0
10469
Mahmud al-Maşhadani Yragyň Parlamentiniň başlygy wezipesine saýlandy
Surat: kurdistan.ru

Yragyň Wekiller geňeşiniň (Senatyň) deputatlary täze başlygy saýladylar, ol kanunçykaryjy edaranyň öňki başlygy Mahmud al-Maşhadani diýip, INA habarlar gullugyna salgylanýan TASS habar berdi.

Ses berlişigiň 31-nji oktýabrda geçen birinji tapgyrynda ýeňijini saýlamak başartmady, şonuň üçin ikinji tapgyry geçirmek bellendi. Jemleýji ses berlişigiň barşynda al-Maşhadani deputatlaryň 182-siniň sesini aldy, oňa 166 ses almak ýeterlikdi. Maşhadaniniň bäsdeşi Salem al-Isawi 42 ses aldy.

76 ýaşly Mahmud al-Maşhadani öň Parlamentiň başlygy wezipesini 2006-2008-nji ýyllaryň dowamynda eýeledi.

Yragyň Hökümetiniň edaralaryndaky esasy ýolbaşçylar etno-dini deňlik ýörelgesi esasynda bellenýär: ýurduň Prezidenti kürt jemagatynyň wekili, Premýer-ministr şaýy-musulman, Parlamentiň başlygy sünni-musulmanlaryň wekili bolup durýar diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň