“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan ýerli çig maly netijeli peýdalanmak, şeýle hem “Guwlyduz” kombinatynyň önümçiligini giňeltmek boýunça degişli işler geçirilýär. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün, 1-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedowyň hasabatynda aýdyldy.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän hem-de bäsdeşlige ukyply duzuň dürli görnüşlerini çykarmak boýunça döwrebap önümçilikleri ýola goýmak, şeýle hem “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynda geljekde ýerli çig maldan halkara talaplara laýyk gelýän lukmançylyk duzuny öndürmekde zerur bolan çig mallary ýurduň özünde öndürmek üçin ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli duz bilen üpjün etmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ol döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan, ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli duzuň dürli görnüşlerini öndürmek üçin döwrebap önümçilikleri ýola goýmagy dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kombinatynyň çäginde täze, ýokary hilli, dürli görnüşli duzy öndürýän önümhanany gurmak boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Şeýle-de wise-premýer hasabatynyň başynda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Halk Maslahatynyň Başlygyna toplumyň ähli işgärleriniň adyndan gutlaglarynydyr arzuwlaryny beýan etdi.