25-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa ýurduň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, administratiw hukuk bozulmalary, raýatlaryň zähmet gatnaşyklaryny döwrebaplaşdyrmak, salgytlar, awtomobil ulagy bilen baglanyşykly we beýleki hereket edýän kanunlara üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizmek boýunça işler dowam etdirilýär. Daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin Mejlisiň wekilleri Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde BMG-niň Ilat gaznasynyň guran maslahatyna, Bütindünýä Söwda Guramasynyň geçiren okuw sapagyna gatnaşdylar. Şeýle hem Mejlisiň wekilleri Parlamentara Birleşigiň 149-njy Assambleýasyna gatnaşmak maksady bilen, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde iş saparynda boldular.
Deputatlaryň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň taryhy ähmiýetini wagyz etmek, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça guralýan çärelere gatnaşýandyklary we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýändikleri barada hem aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Mejlisiň deputatlarynyň ýurduň häzirki we geljekki ösüşini kesgitleýän kanunlary işläp taýýarlamalydyklaryny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Bu barada TDH habar berýär.