Bagam adalarynda kaşaň «Allure of the Seas» syýahat gämisiniň 14-nji gatyndan suwa böküp, ummanda yzsyz-sorsuz ýitirim bolan 66 ýaşly zenan hemmeleri iňkise goýdy, bu barada «Daily Mail» neşiri ýazýar.
Waka 22-nji oktýabrda gije boldy, haçanda 66 ýaşly zenan 72 metrlik gämiden ummana özüni oklanda, 400 sany ýolagçynyň arasynda hakyky başagaýlyk başlandy diýip, neşir ýazýar. Gözleg-halas ediş işlerine dikuçar we katerler gatnaşdyryldy. Emma jahankeşde zenany tapmak başartmady.
Zenanyň nämüçin ummana özüni oklandygy belli däl diýip, «rg.ru» belleýär.