GDA-da programma üpjünçiliginiň öňdebaryjy distribýutorlarynyň biri bolan «MONT TECH» kompaniýasy «MBCOM Technologies» bilen sebitiň sekiz ýurdunda «VMware» çözgütlerini paýlamak barada şertnama baglaşdy. «MBCOM Technologies» Afrikada, GDA-da, Gündogar Ýewropada (Polşadan, Çehiýadan we Slowakiýadan başga) hem-de Ýakyn Gündogarda «VMware» işewürligini dolandyrýar.
Şertnamanyň şertlerine laýyklykda, «MONT TECH» kompaniýasy «VMware by Broadcom» önümleri bilen Ermenistanda, Gruziýada, Azerbaýjanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Özbegistanda, Täjigistanda hem-de Türkmenistanda wekilçilik eder.
«MBCOM-yň» kanalynyň uly dolandyryjysy Maýkl Wilson «MONT TECH» kompaniýasy bilen «Broadcom/Symantec» önümleri boýunça köp ýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlyk esasynda gazanylan baý tejribä ünsi çekmek bilen, distribýutoryň tehniki başarnyklarynyň hem-de giň hyzmatdaşlyk ulgamynyň esasynda «VMware» çözgütleriniň üstünlikli ilerlediljekdigine ynam bildirdi.
1998-nji ýylda ABŞ-da döredilen «VMware» wirtuallaşdyrma we bulut hasaplaýyş programma üpjünçiligini döredijileriň öňdebaryjylarynyň biridir. 2023-nji ýylda bu kompaniýa «Broadcom» tarapyndan IT pudagynyň taryhynda iň uly şertnama öwrülen 65 milliard dollara satyn alyndy.
«VMware-iň» iň öňdebaryjy önümi kärhananyň hasaplaýyş infrastrukturasyny wirtuallaşdyrmaga mümkinçilik berýän «vSphere» platformasydyr. «VMware» giperwizor tehnologiýasy dürli operasion ulgamlary bolan birnäçe wirtual maşynlaryň bir fiziki serwerde parallel işlemegini üpjün edýär.
«VMware» islendik pudagyň we dürli ululykdaky kompaniýanyň özbaşdak zerurlyklaryna laýyk gelýän ählumumy çözgütleri hödürleýär.
«GDA-da programma üpjünçiliginiň iň uly distribýutorlarynyň biri hökmünde bize hyzmatdaşlarymyzyň giň gerimli isleglerini kanagatlandyrmak üçin portfelimizde «VMware» çözgütleriniň bolmagy örän möhümdir» diýip, «MONT TECH» kompaniýasynyň baş direktory Timofeý Moskalýow belleýär.
250-den gowrak telekeçiniň çözgütlerini öz içine alýan giň portfele eýe bolan «MONT TECH» kompaniýasynyň IT infrastrukturasyny optimizirlemek we işewürlik wezipeleri üçin iň amatly tehnologiýalary saýlamak isleýän kompaniýalar üçin ygtybarly hyzmatdaşdygyny bellemelidiris.