Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bangladeşde sil joşgunlary 1,1 million tonna tüwi ýitgi getirdi

16:2122.10.2024
0
12805
Bangladeşde sil joşgunlary 1,1 million tonna tüwi ýitgi getirdi
Surat: belta.by

Bangladeşde suw joşgunlary hem-de süýşgünleri 1,1 mln tonna tüwi hasylynyň ýitgisine sebäp boldy. Bu barada ýurduň Oba hojalyk ministrligine salgylanýan «Belta.by» ýazýar.

Ýagdaý bilen baglylykda, Hökümet 500 müň tonna tüwini daşary ýurtlardan satyn almagy meýilleşdirýär. Şeýle hem hususy pudaga tüwiniň importyna rugsat berilmegi ýitgileri ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berer.

Tebigy betbagtçylyk gök-bakja önümlerini goşmak bilen, beýleki oba hojalyk ekinleriniň hem hasylyna çynlakaý zyýan ýetirdi. Sil joşmalaryndan çekilen umumy ýitgi 380 mln dollar bahalanýar.

Bangladeş dünýäde tüwini iň köp öndüriji ýurtlaryň biri bolmak bilen, her ýyl öz ilatyny eklemek üçin 40 mln tonna tüwi öndürýär. Emma tebigy betbagtçylyklar yzygiderli önümçiligi bozýar hem-de importa garaşlylygy ýokarlandyrýar.

Güýçli musson ýagynlary we çabgalar netijesinde döreýän sil joşmalary awgust-oktýabr aýlarynda iki güýçli tapgyr bolup, gündogar hem-de demirgazyk sebitlerde millionlarça adamyň durmuşyna täsir etdi, 75 adamyň ömür tanapyny üzdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň