Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tunisiň gaýtadan saýlanan Prezidenti kasam kabul etdi

14:5922.10.2024
0
10823
Tunisiň gaýtadan saýlanan Prezidenti kasam kabul etdi
Surat: tass.ru

Tunisiň ikinji möhlete saýlanan Prezidenti Kais Said parlamentiň ýygnagynda kasam kabul etdi. Döwlet baştutanynyň Bardo köşgünde geçen kasam kabul ediş dabarasyny «Tunisia TV» teleýaýlymy alyp görkezdi. Bu barada TASS ýazýar.

Döwlet Baştutany täze möhletde özüniň esasy wezipesi hökmünde işsizlige garşy göreşi kesgitledi. Said işsizler, esasan hem ýaşlar üçin täze mümkinçilikleri döretmekde yhlasyny gaýgyrmajakdygyny söz berdi.

Tunisde nobatdaky Prezident saýlawlary 6-njy oktýabrda boldy. Ýurduň Saýlawlary guramak boýunça garaşsyz ýokary edarasynyň gutarnykly maglumatlaryna görä, Prezident Said sesleriň 90,69 göterimini aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň