Turkmenportal logo
22.10.24
1256112561
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Trampyň ABŞ-da Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmak mümkinçiligi 50 göterimden geçýär
Trampyň ABŞ-da Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmak mümkinçiligi 50 göterimden geçýärSurat: ria.ru

ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine Respublikaçylar partiýasyndan dalaşgär Donald Trampyň ýeňiş gazanmak mümkinçiligi 52 göterime, demokratlardan dalaşgär, häzirki wise-Prezident Kamala Harrisiň mümkinçiligi 48 göterime deň. Muňa «Decision Desk HQ» portalynyň we «The Hill» gazetiniň geçiren barlaglary güwä geçýär diýip, TASS habar berdi.


Çaklama görä, Tramp saýlawçylaryň wekilleriniň 538-sinden 272-siniň sesini (ýeňmek üçin dalaşgäriň saýlawçylaryň wekilleriniň 270-siniň sesini almagy gerek), onuň garşydaşy Kamala Harris bolsa 266-synyň sesini alar. Häzirki wagtda öňki Prezident Tramp ABŞ-nyň ikirjiňlenýän ştatlarynyň dördüsinde öňdeligi eýeleýär, ýagny Arizonadaky, Jorjiýadaky, Demirgazyk Karolinadaky we Wiskonsindäki ses berlişik saýlawlaryň netijesine aýgytly täsir edip biler.


Birleşen Ştatlarda Prezident saýlawlary 5-nji noýabrda geçer.