Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Dünýä Ulag Hyzmatlary» daşary ýurt sergilerine işewürlik saparlaryny guramak boýunça hyzmatlaryny hödürleýär

12:4122.10.2024
0
16567

«Dünýä Ulag Hyzmatlary» hojalyk jemgyýeti türkmenistanly telekeçilere daşary ýurt sergilerine gatnaşmagy guramakda giňişleýin goldaw berýän täze hyzmaty hödürleýär.

Indi «Dünýä Ulag Hyzmatlarynyň» kömegi bilen türkmen işewürleri guramaçylyk meselelerine ünsi sowmazdan, önümlerini we hyzmatlaryny hödürlemäge ünslerini jemläp bilerler.

Kompaniýa hödürleýän hyzmatlarynyň çäklerinde wizany resmileşdirmek, awiapetekleri satyn almak, sergilere gatnaşyjylary hasaba almak, pul geçirimlerini guramak we myhmanhanalary bronlamak ýaly guramaçylyk meselelerini çözmegi dolulygyna öz üstüne alýar. Saýlanan nyrh meýilnamasyna baglylykda, müşderilere terjimeçiniň hyzmatlary we bäş ýyldyzly myhmanhanalarda ýerleşdirmek ýaly goşmaça hyzmatlar hem hödürlenýär.

«Dünýä Ulag Hyzmatlary» hyzmatlaryň ýokary hilini we her bir müşderä aýratyn çemeleşmegi kepillendirmek bilen, işewürligiňiziň halkara bazarynda ösmegi üçin täze gözýetimleri açýar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • salgysy: Mary ş., Atabaýew köç., «Ojar Aziýa» binasy, 7-nji gat
  • telefonlar: (+993 65) 65 85 65, (+993 63) 22 56 00, 8 (522) 7 00 85
  • sosial ulgamdaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň