Moldowada 20-nji oktýabrda geçen Prezident saýlawlarynda ses berlişigiň netijeleri yglan edildi. Ýagny ikinji tapgyra ýurduň häzirki Prezidenti Maýýa Sandu we öňki baş prokuror Aleksandr Stoýanoglo çykdy diýip, Merkezi saýlaw toparynyň metbugat gullugyna salgylanýan «MIR 24» habar berdi.
Sesler doly sanalandan soňra Maýýa Sanduwyň 42,45 we Stoýanoglonyň 25,98 göterim ses alandygy belli boldy. Üçünji orunda «Biziň partiýamyz» partiýasynyň başlygy Renato Usatyý 13,79 göterim ses bilen ýerleşdi.
Saýlawlaryň ikinji tapgyry 3-nji noýabra bellendi. Onda Maýýa Sandu we Aleksandr Stoýanoglo bäsleşerler.