Ýolagçy akymynyň ýokarydygy göz öňünde tutulyp, №70 belgili «Awtokombinat – Gurtly» awtobus ugry 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 25-den täze ugur boýunça hereket edip başlar – diýlip, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy habar berýär.
Täze awtobus ugry şu köçelerden geçer:
«Awtokombinat” duralgasyndan çykyp, №70 belgili awtobus A.Nyýazow şaýoly – Gündogar köçesi – Oguzhan köçesi – N.Andalyp köçesi – Görogly köçesi – Taslama köçesi – Gurbansoltan eje köçesi – Ruhabat köçesi bilen «Gurtly» duralgasyna geler.
Yzyna №70 belgili awtobus «Gurtly» duralgasyndan çykyp, ol Ruhabat köçesi – Gurbansoltan eje köçesi – Taslama köçesi – Görogly köçesi – N.Andalyp köçesi – Oguzhan köçesi – Gündogar köçesi – A.Nyýazow şaýoly bilen «Awtokombinat» duralgasyna geler.
Bu awtobus ugrunyň üýtgedilmegi paýtagtymyzyň ilaty üçin edilýän ulag hyzmatyny ýokarlandyrmaklyga we şäheriň ýolagçy gatnawynyň netijeli bolmagyna gönükdirilendir.